Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaraly çäre

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihana Seul şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli çäräni gurady. Seul şäheriniň dynç alynýan açyk seýilgähleriniň birinde geçirilen çärä, Ilçihanaň işgärleri we olaryň maşgala agzalary hem-de Koreýa Respublikasynda bilim alýan talyplar gatnaşdylar.

3-nji iýunda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçilýär. Bu çäre Türkmenistanyň başlangajy bilen 2018-nji ýylyň aprelinde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen rezolýusiýasy netijesinde ykrar edildi. Rezolýusiýany Rezolýusiýanyň hemaýatkärleri bolup 56 döwlet çykyş etdiler.