TÜRKMENISTAN WE FRANSIÝA ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň dördünji tapgyry geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriň orunbasary W.Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Fransiýanyň wekiliýetine Fransiýa Respublikasynyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň Kontinental Ýewropa departamentiniň direktory F.Mondoloni ýolbaşçylyk etdi.  

Gepleşikleriň başynda taraplar Covid-19 bilen bagly alnyp barylýan çäreler boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy fransuz tarapyna duýgudaşlyk sözlerini bildirdi. Soňra iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Diplomatlar halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň, ÝB-niň we ÝHHG-nyň çäklerinde iki ýurduň oňyn hyzmatdaşlygy barada belläp geçdiler. Fransuz tarapy Türkmenistanyň sebit we halkara başlangyçlarynyň, hususan-da sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy saklamak boýunça başlangyçlarynyň wajyplygyny belledi. 

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň mejlisleriniň yzygiderli geçirilmeginiň möhümdigi, şol sanda iş toparlarynyň işiniň işjeňleşdirilmegi barada  bellenip geçildi. Şertnama-hukuk binýady ösdürmek babatdaky meseleler boýunça aýratyn pikir alşyldy.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi barada aýdyp, taraplar ýokary okuw jaýlarynyň arasyndaky hem-de arheologiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyga üns çekdiler. Mundan başga-da, taraplar kosmos we suw ulgamlaryndaky, şeýle-de Türkmenistanda fransuz dilini ýaýbaňlandyrmak ugrundaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Geňeşmeleriň ahyrynda fransuz tarapy türkmen tarapyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň bellenilmegi bilen gutlady.