WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY GEÇIRILEN DUŞUŞYKDA TÜRKMENISTAN BILEN ABU-DABI ÖSÜŞ GAZNASYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 17-nji iýunynda Abu-Dabi Ösüş Gaznasynyň Baş direktory Mohamed Saif Al Suwaýdi bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga ýurdumyzyň degişli edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Merkezi Bankynyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň we “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda ykdysady, maliýe we nebit-gaz ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekde ösdürilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ýurdumyzyň iri nebit-gaz taslamalaryna maýa goýum serişdelerini çekmek meseleleri boýunça Türkmenistan bilen Abu-Dabi Ösüş Gaznasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň ähmiýetine aýratyn üns berdiler.

Bu ugurda duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň iri kompaniýalarynyň arasynda özara ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgelerinde esaslandyrylan hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň möhümdigi barada aýratyn belläp geçdiler.