TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2020-nji ýylyň 19-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, möhüm strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň we sebit hem-de halkara meseleleriniň wajyp ugurlary boýunça ýola goýulýan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putini 24-nji iýunda Moskwada umumy Ýeňşiň hormatyna guraljak dabaralar bilen gutlady hem-de ýubileý çäreleriniň ählisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Russiýanyň paýtagtynda geçiriljek dabaraly harby ýörişe ýurdumyzyň harby gullukçylary gatnaşarlar. Goranmak ministri, general-maýor B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Moskwada geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna gatnaşjak wekiliýetine ýolbaşçylyk eder.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary dürli ugurlarda ägirt uly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan däp bolan döwletara hyzmatdaşlygynyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine hem-de täze mazmun bilen üstüniň ýetiriljekdigine ynam bildirip, birek-birege, şeýle hem iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.