MERKEZI AZIÝANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNYŇ HÜNÄRMENLERI WE HALKARA BILERMENLER ÇAGALARYŇ HEM-DE ÝETGINJEKLERIŇ SAGLYK ÝAGDAÝYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) sebit hem-de ýurt boýunça edaralarynyň goldaw bermeginde COVID-19 döwründe çagalaryň we ýetginjekleriň saglyk ýagdaýyna bagyşlanan web-maslahaty geçirdi.

Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şeýle hem Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Germaniýanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Beýik Britaniýanyň saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri gatnaşdylar, onuň dowamynda Merkezi Aziýada COVID-19 pandemiýasy döwründe çagalara talabalaýyk lukmançylyk hyzmatlarynyň üpjün edilmeginiň meseleleri we bu ugurdaky tejribeleriň alyşylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň açylyşynda ÝUNISEF-iň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebitleýin direktory Afşan Han, BSGG-niň Çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça maksatnamasynyň sebitleýin menejeri Martin Weber hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Ç.Agamyradow dagylar çykyş etdiler.

Maslahatyň barşynda çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak ulgamynyň hünärmenleri COVID-19 döwründe çagalara dogry lukmançylyk kömegini bermegiň global, sebit hem-de ýurt boýunça toplanan tejribeleri dogrusynda pikir alyşdylar. Olar hususan-da, täze koronawirus ýokançly çagalaryň, şol sanda hroniki keselleri bolan çagalaryň epidemiologiýasyna we kliniki taýdan ugrukdyrylyşyna, esasy hyzmatlary bermegiň üznüksizligine, çagalar we ýetginjekler üçin izolýasiýanyň netijelerine, pandemiýadan soňra kadaly lukmançylyga geçilişine we mekdeplerde hem-de lukmançylyk edaralarynda iýmitlenmek bilen bagly bolan meseleleriň çözülmegine aýratyn üns berdiler.