img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
KOREÝA RESPUBLIKASY - SEUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Singapuryň Dolandyryşy ösdüriş instituty (MDIS) tarapyndan göni wideoaragatnaşyk arkaly leksiýa geçirildi

photo

2020-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Singapuryň Dolandyryşy ösdüriş instituty (MDIS) tarapyndan “Daşary ýurt göni maýa goýumlaryny kesgitleýjiler: Singapuryň tejribesini öwrenmek” atly göni wideoaragatnaşyk arkaly leksiýa geçirildi.

Bu leksiýa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer we ösüş Uniwersitetiniň hem-de Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş Institutynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Leksiýanyň dowamynda Singapur institutynyň wekilleri Singapuryň milli ykdysadyýetine göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde toplan tejribesi bilen tanyşdyrdylar. Leksiýanyň netijeleri boýunça gyzykly sorag-jogap alyşmak hem geçirildi.