HYRAT ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Konsullygynda Hyrat we Badhyz welaýatlarynyň türkmen diasporasynyň abraýly wekilleriniň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň konsuly we Owganystanyň abraýly türkmen wekilleri çykyş edip, kitabyň aýratynlyklary hem-de onuň milli we dünýä gymmatlyklaryny ösdürmekdäki esasy orny barada nygtadylar. Şeyle hem eseriň yaş türkmen neslini ynsanperwerlik we watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek işinde ýol görkeziji bolup hyzmat etjekdigi barada aýratyn bellediler.

Hyratly türkmenleriň ýaşlarynyň wekili, bu edebi eseriň neşir edilmegi Owganystanda ýaşaýan türkmen diasporasy tarapyndan uly buýsanç we begenç duýgulary bilen kabul edilendigini aýtdy.

Çykyş edenler pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentini we külli türkmen halkyny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar we Türkmenistanyň başlangyjy bilen her ýylyň 12-nji dekabrynyň “Halkara Bitaraplyk güni” hem-de 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip yglan edilmeginiň ähli dünýä türkmenlerini buýsandyrýandygyny aýtdylar.