TÜRKMENISTANYŇ WE BAE-NIŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DEREJESINDE DUŞUŞYK

2020-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Abdulnasr Jamal Al Şaali bilen wideokonferensiýa görnüşindäki duşuşygy geçirildi.  

Mähirli salamlaşanlaryndan soňra taraplar Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp geçdiler. Iki ýurduň konsullyk hyzmatlarynyň kämilleşdirilmegi bilen birlikde, hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigi nygtalyp geçildi.

Diplomatlar syýasy-diplomatik ugur boýunça özara hereketlere seredip geçdiler, sebit we halkara gün tertibi boýunça nukdaýnazarlarynyň gabat gelýändigini nygtadylar. Taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki işjeň özaragatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar we parahatçylyk söýüjilik maksatly başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça hyzmatdaşlygyň dowam edilmegi babatynda pikirlerini beýan etdiler.

Duşuşygyň barşynda häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna, hususan-da COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň saklanylmagyna gyzyklanma bildirdiler.  

Ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy temalarynyň biri hem Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň göni wideo aragatnaşyk arkaly geçiriljek üçünji mejlisine taýýarlyk görmek, şol sanda duşuşygyň gün tertibi dogrusynda pikirleri alyşmak boldy. Diplomatlar nobatdaky duşuşygyň söwda, maýa goýumlar, nebitgaz pudagy, energetika, gurluşyk, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak we azyk üpjünçiligi, bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk çuňlaşdyrylmagyna itergi berjekdigine ynam bildirdiler.