TÜRKMENISTAN OWGANYSTAN BILEN YNASAPWERWER GATNAŞYKLARA AÝRATYN ÜNS BERÝÄR

Şu gün, Owganystan boýunça ýokary derejeli maslahatyň çäklerinde geçirilen plenar mejlisiň dowamynda durmuş-ynsanperwer häsiýetli meselelere seredildi. Taraplar owgan halkynyň durmuşynyň kadalaşdyrylmagy ugrunda Owganystana ýardam bermek mümkinçiliklerine seretdiler.  

Türkmenistanyň daşary işler ministri Türkmenistan tarapyndan ýakyn ýyllarda Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça milli maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň ýerine ýetirýän möhüm işleri barada gürrüň berdi.

Geçen ýyllarda Türkmenistan öz serişdeleriniň hasabyna Balh welaýatynda gyzlar üçin mekdebi, Farýab welaýatynda oba hassahanasyny, Hyratyň töwereginde çaga dogrulýan öýi gurup ulanmaga berdi. Şeýle-hem türkmen tarapynyň ýardam etmeginde Owganystanyň çäklerinde ýerleşýän 500 adamlyk metjidiň gurluşygy tamamlandy, onuň açylyş dabarasyna geljek günlerde garaşylýar.

Türkmenistan Owganystan bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge ygrarly bolup, ylym, bilim we saglygy goraýyş ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk edýär.