“TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan neşire taýýarlanylan “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-tejribe žurnalynyň dördünji sany çapdan çykdy.

Žurnal Türkmenistanyň Prezidentiniň 30-njy oktýabrda Seul şäherinde geçirilen Demirgazyk ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara forumyna gatnaşyjylara iberen wideoýüzlenmesi bilen açylýar.

 “Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara syýasy işjeňigi” bölüminde döwlet Baştutanymyzyň beýleki ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşlikleri barada gysgaça beýan edilýär.

Türkmenistanyň şu ýyl dünýä bileleşigi bilen bilelikde belläp geçen Bitaraplygyň 25 ýyllygy žurnalyň esasy temasy boldy. Žurnalyň sahypalarynda belli dünýä syýasatçylaryň, hususan-da Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň öňki Prezidenti Hamid Karzaýyň, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýanyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli gutlaglary we çykyşlary ýerleşdirilen.  

Şeýle-de žurnalyň sahypalarynda okyjylar halkara guramalaryň, bilelikdäki toparlaryň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de dürli ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň strategik we netijeli hyzmatdaşlygyň ösüşine, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna, onuň global derejede parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde netijeliligine bagyşlanan makalalary bilen tanşyp bilýärler.

Makalalarda ýurdumyzyň hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklyk, ikitaraplaýyn gyzyklanmalara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary ýola goýmak ukyby barada bellenip geçilýär. Alnyp barylýan oňyn bitaraplyk syýasatynyň netijeliligi, onuň dünýä jemgyýetçiliginiň gyzyklanmalaryna gabat gelmegi hakynda hem nygtalýar.

“Diplomatik durmuşyň hronikasy” diýen rubrikada sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen dürli derejedäki duşuşuklar we gepleşikler, hökümetara we pudagara toparlaryň maslahatlary, Daşary işler ministrlikleriň arasyndaky syýasy geňeşmeler, şeýle-de halkara duşuşyklar we forumlar bilen bagly möhüm wakalar yzygiderli beýan edilýär.

Žurnalyň türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilmegi onuň daşary ýurtlardaky giň okyjylar köpçüligine elýeterli bolmagyny üpjün edýär.