SAGLYGY GORAÝYŞ BOÝUNÇA IX TÜRKMEN-GERMAN FORUMY AÇYLDY

2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň çäklerinde guralan Saglygy goraýyş boýunça nobatdaky - IX Türkmen-German forumy sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly öz işine başlady. 

Türkmen tarapyndan foruma Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow, ýurdumyzyň ylmy-kliniki merkezleriniň we Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýar, german tarapyndan bolsa Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy klinikalarynyň tanymal ylmy işgärleri we professorlary gatnaşýar.  

Çäräniň açylyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda özgerişikleri amala aşyrmakda işjeň gatnaşýan germaniýaly hyzmatdaşlaryna bolan ýokary ynamy üçin minnetdarlyk bildirildi. 

Dürli ugurlar we häzirki ýeňil bolmadyk şertlerde lukmanlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri boýunça hünärmenleriň çykyşlary diňlenildi. Olar käbir meseleleriň we olaryň anyk netijeli çözgütleriniň üstünde durup geçdiler. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň professorlary tejribelerini paýlaşdylar we aýratyn keselleri bejermegiň täze usullary barada gürrüň berdiler.   

Şeýle-de sanly lukmançylyk we ýokary tehnologiýalary ulanmak meseleleri hem-de saglygy goraýşyň belli bir pudaklarynda öňdebaryjy tejribe we hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahalaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, 2019-2025-nji ýyllar üçin saglygy goraýşyň sanly ulgamyny ösdürmegiň Strategiýasynyň ähmiýeti barada bellenip geçildi.

Bu forum iki ýurduň ylmy we lukmançylyk toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajyplygyny ýene bir gezek tassyklady.

Forum öz işini 2021-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda dowam eder.