“Häzirki zaman dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy” atly metbugat konfrensiýasy

2021-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde göni we sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen “Häzirki zaman dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy” atly metbugat konfrensiýasyna “Korean Broadcasting System” (KBS) teleradio kompaniýasynyň Halkara gatnaşyklary bölüminiň direktory jenap Wansu Kim wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy.

Metbugat konferensiýasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna, hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanyldy. Çärä gatnaşyjylar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmeginiň derwaýys ähmiýetini belläp geçdiler. Bu ugurda çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasatynyň üstünligini hem-de netijeliligini nygtadylar.