SEULDA KOREÝA RESPUBLIKASY – MERKEZI AZIÝA SÖWDA FORUMY GEÇIRILDI

photo

Şu ýylyň 29-njy aprelinde Seulda “Koreýa Respublikasy – Merkezi Aziýa” hyzmatdaşlyk Forumynyň sekretariatynyň baş binasynda “Koreýa Respublikasy – Merkezi Aziýa Altynjy söwda forumy” atly çäre geçirildi.

Bu çärä Gazagystanyň we Türkmenistanyň Ilçileri, Halkara söwda assosiasiýasynyň (KITA), Koreýanyň telekeçiler assosiasiýasynyň hem-de beýleki guramalaryň we kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Forumyň çäginde gatnaşyjylar presentasiýalar bilen çykyş etdiler we Koreýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri we geljegi barada pikir alyşdylar.

Özüniň çykyşynda Ilçi M.Mämmetalyýew gatnaşyjylary milli ykdysadyýetiň ösüşini ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan alnyp barylýan işler, daşary ykdysady işini ösdürmek boýunça maksatnamalar, şeýle hem Türkmenistanyň koreý maýa goýujylar üçin özüne çekijiligi barada habar berdi.