img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
KOREÝA RESPUBLIKASY - SEUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNINE BAGYŞLANAN WELOSIPEDLI ÝÖRIŞ

photo

2021-nji ýylyň 30-njy maýynda Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp Ilçihana tarapyndan welosipedli ýöriş gurnaldy.

Seul şäheriniň seýilgähleriniň birinde geçirilen bu çärä türkmen raýatlary, şeýle hem diplomatik wekilhananyň işgärleri we maşgala agzalary gatnaşdylar.

Her ýyl 3-nji iýunynda bellenilýän Bütindünýä welosiped güni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde ykrar edildi.