img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
KOREÝA RESPUBLIKASY - SEUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI UGRUNDA HYZMATDAŞLYK BOÝUNDA ILÇIHANADA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

photo

2021-nji ýylyň 30-njy awgustynda Ilçihanada Koreýa Respublikasynyň howanyň üýtgemegi boýunça Ministriň Orunbasary hanym Hýoeun Jenny Kim bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda daşky gurşawy goramak babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň täsirlerini ýumşatmak we uýgunlaşdyrmak ugrunda halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmek babatynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.