GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI DÖWLET SAPARY BILEN TÜRKMENISTANA GELDI

2021-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew ýurdumyza döwlet sapary bilen geldi.

Iki ýurduň Prezidentleri Türkmenistanyň Ahalteke atçylyk toplumyna bardylar. Ol ýerde döwlet ýolbaşçylary ahalteke bedewlerini synladylar hem-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Saparyň çäklerinde 25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew bilen ikitaraplaýyn duşuşygynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky meseleleriniň giň toplumynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Ikitaraplaýyn gepleşikleriň jemleri boýunça özarabähbitli hyzmatdaşlygyň has hem işjeňleşdirilmegine we ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň agramly bukjasyna gol çekilmegi göz öňüne tutulýar.