TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNDAN MINNETDARLYK HATY GELIP GOWUŞDY

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna ýollan hatynda, Aşgabada amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda bildirilen mähirli myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk sözlerini beýan edýär.

«2021-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda Türkmenistana bolan meniň ilkinji döwlet saparymyň ýokary guramaçylygy hem-de aýratyn myhmansöýerligiňiz üçin Size çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin.

Ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynda geçirilen gepleşikleriň netijesi dostlukly, hoşniýetli goňşuçylykly we strategik hyzmatdaşlygy bolan gazak-türkmen gatnaşyklarynyň durnukly häsiýetini ýene bir gezek görkezdi.

Siziň bilen bilelikdäki Beýannamamyz, şeýle hem saparyň dowamynda gol çekilen birnäçe döwletara we hökümetara ylalaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini kesgitledi hem-de dogan halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna bolan islegi doly görkezýär.

Ylalaşylan ähli şertnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ikitaraplaýyn derejede, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyň çäginde Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň uly mümkinçilikleriniň doly açylmagyna hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Iň ýokary derejede işjeň gepleşikleri dowam etdirmek üçin, Size amatly bolan wagtda, Gazagystana döwlet saparyny amala aşyrmaga çakylygymy tassyklaýaryn» - diýlip hatda aýdylýar.