TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARY HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

Şu gün, 26-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ministrler Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen gepleşikleri geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda ministrler syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar ynanyşmak, özara hormat goýmak we bähbitlilik ýörelgelerine laýyklykda alnyp barylýan Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň arasyndaky däp bolan dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň barha ösdürilýändigini nygtadylar. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky özara hereketleriň netijeliligi hem-de halkara we sebit düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň işjeňligi hem aýratyn bellenildi.