TÜRKMEN-EÝRAN ÖZARA HEREKETLERINIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNA SEREDILDI

2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň YHG-nyň Ministrler Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Safari bilen duşuşygy geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda medeni-ynsanperwerlik ugry boýunça özara hereketleriň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy beýan edildi.

R.Meredow we M.Safari şeýle-de sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän derwaýys meselelerine hem aýratyn üns berdiler.