S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Koreý uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk

2021-nji ýylyň 16-njy dekabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Koreý uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Bu duşuşyga gatnaşanlar iki tarap üçin hem wajyp temalar, hususan-da, oba hojalygy pudagynda ykdysady bilimi ösdürmegiň geljegi, ýurtlaryň oba hojalygynyň dürli pudaklarynda - maldarçylykda, ekerançylykda we beýleki ugurlarda mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.