TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PEKINDE GYŞKY OLIMPIÝA OÝUNLARYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY

Ozal habar berilşi ýaly, 2022-nji ýylyň 4-nji fewralynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti HHR-nyň Başlygynyň çakylygy boýunça Pekine geldi.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyşy mynasybetli geçirilen dabaraly çärä gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pekindäki XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy Türkmenistanyň sport dünýäsine netijeli halkara hyzmatdaşlyk meselelerindäki başlangyçlary öňe sürýän ornunyň hem-de mundan beýläk-de umumadamzat ynsanperwer gymmatlyklaryna esaslanýan Olimpiýa hereketini ösdürmäge netijeli goşant goşmagynyň nobatdaky aýdyň tassyklanmasy boldy.

5-nji fewralda HHR-nyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy geçirildi.

Hytaý tarapy Türkmenistanyň Baştutanyna Pekinde XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş darabasyna gatnaşmak üçin iberilen çakylygy kabul edendigini hem-de çärä gatnaşandygy üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň ýolbaşçylaryny Olimpiadanyň üstünlikli başlanmagy mynasybetli gutlap, Hytaýyň häzirki çylşyrymly ýagdaýlarda hem şeýle iri sport çäresini ýokary derejede guramak babatynda öz mümkinçiliklerini we başarnyklaryny tutuş dünýä ýene-de bir gezek äşgär görkezendigini nygtady.

Türkmenistanyň we Hytaýyň ýolbaşçylarynyň söhbetdeşligi strategiki häsiýeti we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň baý gün tertibi bilen tapawutlanýan özara hereketleriň ähli ugurlaryny öz içine aldy.

Iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň işjeň gepleşikleriniň barşynda nygtalşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Pekine sapary soňky ýyllarda hil taýdan täze dereje çykan hem-de mazmun taýdan baýlaşdyrylan özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde nobatdaky netijeli ädim bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti özara gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn, şol sanda köptaraplaýyn derejelerde hem işjeň ösüşini kanagatlanma bilen belläp, geçen 30 ýylyň dowamynda taraplaryň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hereketleriň strategiki hyzmatdaşlyk derejesine çykarylandygyny nygtady.  

Taraplar şeýle-de gaz ulgamy, söwda, ulag häzirki zaman telekommunikasiýa tehnologiýalary, sanly ykdysadyýet, kosmonawtika we beýleki geljegi uly bolan ugurlardaky gatnaşyklaryň has hem ýygjamlaşdyrylmagynyň zerurlygyny belläp geçdiler.

Hytaý Halk Respublikasyna saparyny tamamlap, Türkmenistanyň Prezidenti Pekin şäheriniň Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Watanyna ugrady.