HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGY TÜRKMENISTANYŇ SAÝLANAN PREZIDENTINI GUTLADY

2022-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we okgunly ösüşini kanagatlanma bilen bellediler.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji martda ýurdumyzda geçirilen döwlet Baştutanynyň saýlawlary baradaky meselä degip geçdi. Milli Liderimiz merkezi saýlaw toparynyň yglan eden ählihalk ses bermegiň jemlerine görä, Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandygyny belläp, mundan beýläk işini Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde dowam etjekdigini belledi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň häzirki Prezidenti türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine goşýan uly şahsy goşandy hem-de netijeli bilelikdäki işi üçin HHR-iň Başlygy Si Szinpine minnetdarlyk bildirdi.

Soňra milli Liderimiz telefony Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa geçirdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy türkmen döwletiniň saýlanan Baştutanyny Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa bu jogapkärli wezipede uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin HHR-iň Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan daşary syýasat ugruny dowam etdirmäge, Hytaý bilen köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, şeýle hem türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmek we giňeltmek boýunça teklipleri hem-de başlangyçlary hemmetaraplaýyn goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Söhbetdeşligiň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti nygtaldy. Biziň ýurtlarymyz pudaklaryň giň toplumy boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdular. Köp ýyllaryň dowamynda Hytaý Türkmenistanyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar.

Häzirki Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin wagtyň synagyndan geçen hem-de özüniň netijeliligini görkezen oňyn döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem iki ýurduň bähbidine yzygiderli berkidiljekdigine we giňeldiljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikler, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.