Seul şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosiped ýörişi geçirildi

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Seul şäheriniň merkezinde ýerleşýän Hangaň seýilgähinde köpçülikleýin welosiped ýöriş çäresi gurnaldy.
Hangaň seýilgähi - Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäheriniň merkezinde akyp geçýän Hangaň derýasynyň kenarynda ýerleşýän iň uly seýilgäh bolmak bilen, bu seýilgäh 12 toplumy öz içine alýar.
Bu ajaýyp baýram dostlugyň, parahatçylygyň hem-de sportuň belent däplerini dabaralanýan çärä gatnaşyjylar agzybirlik bilen welosipedli ýörişi Hangaň seýilgähiniň kenarynda akýan suwyň ugry boýunça badalga aldylar.
Şu günki güne çenli Türkmenistanyň hökümetiniň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 20-ä golaý Kararnamalar kabul edildi. Olaryň biri, ol hem Türkmenistanyň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi aýratyn bellärliklidir.
Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalary tarapyndan dünýäniň dürli ýurtlarynda Bütindünýä welosiped gününiň şanyna bagyşlanyp geçirýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleri döwletimiziň sagdynlygyň we ruhubelentligiň, parahatçylygyň hem-de dostlugyň ýurdy hökmünde dünýäde tanalýandygynyň ykrarnamasydyr.