Koreýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk ösdürilýär

2022-nji ýylyň 22-nji iýunynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Park Jin bilen Merkezi Aziýa ýurtlaryň diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary arasynda duşuşyk geçirildi.

Günorta Koreýanyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Park Jin Koreýa bilen Merkezi Aziýa döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hususan-da, syýasy-diplomatik ýollary arkaly ýangyç-energetika, saglygy goraýyş, ylym-bilim, sanly ykdysadyýet, howanyň üýtgemegi we azyk howpsuzlygy ýaly ugurlarda özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmeli diýip nygtady. Bu ugurda «Merkezi Aziýa — Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň ýurtlaryň arasynda köpri bolup hyzmat edip biler diýip belledi.

Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýylynda ýetilen sepgitleriň we öňde goýlan möhüm wezipeleriň esasynda Koreýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekde ähli ugurlardaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygy hem aýratyn belläp geçdiler.