RSS

SOŇKY HABARLAR

12 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ DIWANYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Sardor Umurzakowy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi hem-de hormatly Prezidentimizi şanly sene — Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady. Şeýle hem ol özbek Lideriniň ýakynda Türkmenistana...

DOWAMY
11 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan Aşgabat halkara hepdeliginiň çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş Sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda R.Meredow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş Sekretary wezipesine bellenmegi bilen K.Ömüraliýewi gutlady we bu jogapkärçilikli işinde üstünlik arz...

DOWAMY
11 Dek

EÝRANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK BARADA

2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen "Dialog - parahatçylygyň kepili" atly halkara maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Reza Najafi bilen duşuşdy. Duşuşykda ýurtlaryň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň giň meseleler toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda iň ýokary...

DOWAMY
11 Dek

TÜRKMENISTANYŇ BMG-NYŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASY BILEN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ESASY UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygyna gabat gelýän "Dialog parahatçylygyň kepili" atly halkara maslahatynyň çäginde, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (UNECE) ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa bilen duşuşdy. Hormatly myhman, Türkmenistanyň Bitaraplyk gününe bagyşlanan Aşgabat halka...

DOWAMY
11 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK

2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan “Dialog - parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakalanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda häzirki gün tertibi we Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-...

DOWAMY
11 Dek

UNRCCA MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ ÝYLLYK ÝYGNAGYNY GEÇIRDI

2022-nji ýylyň 11-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistan hökümetiniň goldawy bilen BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýa merkezi (UNRCCA) tarapyndan gurnalan Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň on ikinji ýyllyk ýygnagyny geçirildi. Ýyllyk ýygnagyň maksady Merkezi Aziýada parahatçylyga we howpsuzlyga täsir edýän wakalar we tendensiýalar barada pikir alyşmak, şeýle hem UNRCCA bilen sebit hökümetleriniň arasynda öňüni alyş diplomatiýasy bilen baglany...

DOWAMY
11 Dek

AŞGABATDA “DIALOG - PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI” ATLY HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat geçirildi. Ýokary derejede geçirilen umumy mejlise Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Milli Geňeşiň agzalary, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň we daş...

DOWAMY