RSS

SOŇKY HABARLAR

19 Ýan

TÜRKMEN-TATAR GATNAŞYKLARYNY IŞJEŇLEŞDIRMEGIŇ GELJEKKI UGURLARY MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň dürli ugurlar boýunça ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman Gahryman Arkadagymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi. Türkmen-tatar gatnaşykl...

DOWAMY
19 Ýan

TÜRKMEN-RUS IŞEWÜRLIK MASLAHATY

2023-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Türkmen-rus işewürlik maslahaty geçirildi. Işewürlik duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar türkmen paýtagtyna geldi. Wekiliýetiň düzüminde RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary, şeýle hem Hökümet düzümleriniň ýolbaşçylary we esasy h...

DOWAMY
19 Ýan

RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY BAŞLANDY

Şu ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistana resmi sapar bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar geldi. Şol günüň özünde Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin resmi saparynyň çäklerinde A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebine baryp gördi. Myhman mekdebiň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň öňünde eden çykyşynyň barşynda soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklary...

DOWAMY
17 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2023-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşler iki ýurduň däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça okgunly ösýändigi kanagatlanma bilen bellenildi....

DOWAMY
17 Ýan

TÜRKMEN-KATAR HYZMATDAŞLYGYNYŇ MÜMKINÇIKLIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Katar döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbi bilen duşuşdy. Diplomatlar ýokary derejeli saparlaryň ähmiýetini we iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň möhümdigini bellediler. Şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň çäginde iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyga, hukuk...

DOWAMY
17 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ARHIÝEPISKOP FEOFILAKT BILEN DUŞUŞYK BARADA

2023-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky Patriarhal dekanlarynyň ybadathanalarynyň dolandyryjysy Arhiýepiskop Feofilakt bilen duşuşdy. Duşuşykda ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi barada pikir alşyldy. Bu nukdaýnazardan Arhiýepiskop Feofilakt, Türkmenistandaky rus prawoslaw ybadathanalarynyň işi üçin döredilen amatly şertler üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

DOWAMY
16 Ýan

AŞGABATDA TÜRKMEN-FRANSUZ SYÝASY MASLAHATLARY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 16-17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Fransiýa Respublikasynyň Ýewropa we Daşary işler ministrliginiň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew, Fransiýa tarapyna Fransiýanyň DIM-niň Kontinental Ýewropa bölüminiň müdiriniň orunbasary Silwen Gýoge ýolbaşçylyk etdi. Geçirilen duşuşyklaryň çäginde syýasy,...

DOWAMY