RSS

SOŇKY HABARLAR

19 Mar

Türkmenistanyň we Belgiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy barada

2024-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belgiýanyň Daşary işler ministri Hadja Lahbibiň arasynda duşuşyk geçirildi. Ministrler syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarda iki ýurduň gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar halkara guramalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny mundan beýläkde ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Şunuň bilen birlikde, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşl...

DOWAMY
19 Mar

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň Teswirnamasyna gol çekdiler

2024-nji ýylyň 18-nji martynda Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň Teswirnamasyna gol çekildi. Gol çekmek dabarasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belgiýanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky hemişelik wekili Willem wan de Wordyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Ýewropanyň daşary aragatnaşyklar gullugynyň Gündogar Ýewropa, Russiýa, Merkezi Aziýa we ÝHHG ýurtlary b...

DOWAMY
19 Mar

The European Union and Turkmenistan stand for the further development of mutually beneficial partnership

On March 18, 2024, as part of the working visit of the Turkmen delegation to Brussels, a number of meetings were held with high-ranking representatives of the European Union. In particular, negotiations were held with the Chief Foreign Policy Adviser to the President of the European Council Simon Mordue. The parties stated their interest in continuing cooperation in the field of green energy, transport, technological interconnection and other areas. The importance of bilateral cooperation...

DOWAMY
18 Mar

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Belgiýa Patyşalygyna sapary başlandy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 17-19-njy marty aralygynda Belgiýa Patyşalygynda iş sapary bilen bolýar. Saparyň çäklerinde Ýewropa Komissiýasynda, Ýewropa Geňeşinde we Brýusselde ýerleşýän beýleki halkara guramalarynda, degişli ministrlikler we pudak edaralary, söwda-ykdysady gurluşlary we işewür toparlary, şeýle-de ençeme ýewropa kompaniýalary bilen duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär. Meýilleşdirilýän duşuşyklary...

DOWAMY
18 Mar

Türkmenistan Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň agzalygyna kabul edildi

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 6-njy martynda Türki Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş assambleýasynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türki Söwda-senagat edaralarynyň birleşigine agza hökmünde goşulmagy baradaky meselä seredildi. Netijede Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türki Söwda-senagat edaralarynyň birleşigine doly hukukly agza hökmünde kabul edildi. 2019-njy ýylda döredilen Türki döwletleriniň söwda-senagat...

DOWAMY
18 Mar

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi bu ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşyk geçirdi

2024-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Begenç Durdyýew Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ýokary derejede öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi bilen bagly meseleler boýunça  özara pikir alyşyldy. Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy iki döwletiň arasynda ikitaraplaýyn...

DOWAMY
15 Mar

Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen halkara lukmançylyk forumyna gatnaşdy

2024-nji ýylyň 14-15-nji marty aralygynda Seul şäherinde geçirilen «Medical Korea 2024 - The 14th Global Healthcare and Medical Tourism» atly halkara maslahatyň işine gatnaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary A.Öwezowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Koreýa Respublikasyna iş sapary amala aşyryldy. Her ýyl geçirilýän lukmançylyk forumyň bu gezekki mowzugy saglygy goraýyş we lukmançylyk syýahatçylygyna bagyşlandy. Maslahatyň işine dünýäniň...

DOWAMY