RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
1 Noý

Türkmen wekiliýeti Samarkant şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 43-nji mejlisine gatnaşýar

2025-nji ýylyň 30-njy oktýabry – 13-nji noýabry aralygynda Samarkant şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESCO) Baş maslahatynyň nobatdaky 43-nji mejlisine Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar. Maslahatyň açylyş dabarasyna ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowa, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Ilçisi, ÝUNESKO-nyň ýanyndaky...

DOWAMY
pic
1 Noý

Türkmenistanyň DIM-inde Hindistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-hindi gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerind...

DOWAMY
pic
1 Noý

Türkmenistanyň we Serbiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2025-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Belgrad şäherinde Türkmenistanyň hem-de Serbiýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Serbiýa tarapyna Serbiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Damýan Ýowiç ýolbaşçylyk etdiler. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalar geçirildi, iki ýurduň...

DOWAMY
pic
31 Okt

Türkmenistanyň resmi wekiliýeti Koreýa Respublikasynda GGGI-yň ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 29-31-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary Öwezgeldi Goşjanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Koreýa Respublikasyna iş sapary amala aşyryldy. Saparyň dowamynda wekiliýet Ählumumy Ýaşyl ösüş institutynyň (Global Green Growth Institute, GGGI) guramagynda Seulda Ýaşyl ösüş hepdeligine bagyşlanyp geçirilen çäreleriniň çäklerinde GGGI-yň Assambleýasynyň 14-nji mejlisine hem-de bu institutyň Geňeşiniň 18-nji mejlisine gatnaşdy. Çärelere gat...

DOWAMY
pic
31 Okt

Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde syýahatçylyk boýunça 1-nji Global sammite gatnaşdy

2025-nji ýylyň 27-29-njy oktýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde 13 ýurtdan 22 şähere wekilçilik edýän 1200-den gowrak wekiliň gatnaşmagynda 1-nji Global şäher syýahatçylyk sammiti geçirildi. Foruma gatnaşan Busan şäher häkimliginiň ýolbaşçylary, şeýle hem koreý we halkara syýahatçylyk guramalarynyň wekilleri syýahatçylyk, şäherara gatnaşyklar we bu ugurdaky işler babatda geljekki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Syýahatçylyk boýunça birinji ählumumy sammite gatnaşm...

DOWAMY
pic
31 Okt

Türkmenistanyň we Litwa Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

2025-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Litwa Respublikasyna amala aşyran saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Litwa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Widmant Werbiskasyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Litwa Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdyla...

DOWAMY
pic
30 Okt

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Içeri işler ministrleriniň 4-nji duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Içeri işler ministrleriniň 4-nji duşuşygy geçirildi. Agzalan duşuşyga Türkmenistanyň Içeri işler ministri Muhammet Hydyrowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Çäräniň açylyş bölegine Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti M.Pezeşkian gatnaşdy. Şeýle hem 4-nji duşuşygyň işine YHG-nyň Baş sekretary hem-de bu Guramanyň agza ýurtlarynyň Içeri işler ministrleri, olaryň orunbasarlary...

DOWAMY