RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Okt

KHBS üçin maglumat

2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Waşington şäherinde Merkezi Aziýanyň hem-de ABŞ-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler we oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, 2025-nji ýylyň 28-nji oktýabry

DOWAMY
pic
28 Okt

Türkmenistanyň ilçihanasynda Halkara Parahatçylyk we Bitaraplyk forumyna bagyşlanan diplomatik çäre geçirildi

2025-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda şu ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli Halkara forumyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde «Türkmenistan bilen tanyşlyk: onuň daşary syýasaty, medeni mirasy we syýahatçylyk mümkinçilikleri» atly çäre geçirildi. Bu çärä Koreýa Respublikasynda ak...

DOWAMY
pic
28 Okt

Häzirki zaman wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek meseleleri boýunça türkmen-rus geňeşmeleri geçirildi

2025-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda iki döwletiň degişli edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda häzirki zaman wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, rus tarapyna Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Dmitriý Lýubinskiý ýolbaşçylyk etdiler....

DOWAMY
pic
27 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Kapitoliý muzeýiniň meýdançasynda döwlet Baştutanymyzy Rim şäheriniň häkimi Roberto Gualtýeri mähirli garşylady. Bu ýerde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde edebi-sazly çykyş ýaýbaňlandyryldy. Çykyş tamamlanandan soňra, Rim şäheriniň häkimine söz berildi. Roberto...

DOWAMY
pic
27 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti «Leonardo S.p.A» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa resmi saparynyň çäklerinde «Leonardo S.p.A» kompaniýasynyň başlygy Stefano Pontekorwo bilen duşuşdy. Stefano Pontekorwo Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny mähirli mübärekläp, saparynyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň netijeleriniň iki Türkmenistanyň we Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem kompaniýanyň başlygy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösýän Türk...

DOWAMY
pic
27 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy

Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Çärä Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary, Italiýanyň ýokary derejeli wekilleri hem-de iki ýurduň hususy pudaklarynyň wekilleri gatnaşdy. Türkmenistanyň Prezidenti işewürlik forumynda eden çykyşynda göni işewürlik dialogy arkaly türkmen-italýan gatnaşyklarynyň tutuş toplumyna kuwwatly itergi bermegi, dünýäniň geoykdysadyýetinde häzirki zam...

DOWAMY
pic
27 Okt

The President of Turkmenistan participated in the Turkmen-Italian Business Forum

During his official visit to the Italian Republic, President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov participated in the Turkmen-Italian Business Forum.  The event was attended by members of the official delegation of Turkmenistan, high-ranking Italian officials, and representatives of the private sectors of two countries.  In his speech at the Business Forum, the President of Turkmenistan emphasized the importance of this meeting, which aims to develop Turkmen-Italian ties through direct bu...

DOWAMY