RSS

SOŇKY HABARLAR

4 Noý

TÜRKMENISTAN ADIPEC-2022 HALKARA NEBIT SERGISINE WE MASLAHATYNA GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Abu Dabide (BAE) ADIPEC 2022 atly Halkara nebit sergisi we maslahaty açyldy. Şu ýyl ADIPEC-de 54 sany öňdebaryjy milli we halkara nebit we integrirlenen energiýa kompaniýalary wekilçilik edýär. Sergi 140,000 inedördül meýdany tutdy, oňa 28 sany milli ýurt pawilýonlary bilen 2200 sergi kompaniýalary gatnaşdy. "Türkmenistanyň nebit we gaz pudagy" pawiliony 13060 belgili stendde gurnaldy. Abraýly foruma dünýäniň 40-dan  gowrak ýurtlaryndan ministr derejesinde, ş...

DOWAMY
3 Noý

TÜRKMENISTAN-RUSSIÝA: PARLAMENTARA GATNAŞYKLARYŇ TÄZE DEREJESI

2-nji noýabrda ir bilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň awtomobil kerweni Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň binasyna tarap ugrady. Merkezi girelgäniň öňünde hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň ýolbaşçylary mähirli garşylaýarlar. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy umumy mejlisi açyp, şu gün Federasiýa Geňeşinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbangu...

DOWAMY
3 Noý

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNA RUSSIÝANYŇ ÝOKARY DÖWLET SYLAGY GOWŞURYLDY

3-nji noýabrda günüň ikinji ýarymynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň awtoulag kerweni Kreml köşgüne geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. Söhbetdeşligiň barşynda häzirki wagtda giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleriniň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Prezident Wladimir Putin belent mertebeli myhmany mübärekläp, uzak ýyllaryň dowamynda bilelikde işleşen Gurba...

DOWAMY
3 Noý

TÜRKMENISTAN BILEN BMG-NYŇ GURLUŞLARYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2022-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-nyň sebit agentlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşygy gibrid görnüşde geçirildi. Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatlaryny Utgaşdyryş Müdirliginiň (UNDCO) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebit direktory G. Ýop-Son, BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýa merkeziniň başlygy N. German, ÝUNESKO Klasteriniň  Tährandaky edara müdiri G. El Hury, BMG-nyň Adam hukuklary boýunça Ýokary K...

DOWAMY
2 Noý

YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN BOLAN DUŞUŞYK HAKYNDA

Şu gün, 2022-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri bilen wideokonferensiýa arkaly duşuşdy. Duşuşykda, şu ýylyň ahyrynda YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky 26-njy mejlisine taýýarlyk bilen baglanyşykly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň baştutanlygynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna...

DOWAMY
1 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAŞ DIPLOMATLAR ÜÇIN OKUW GURALDY

2022-nji ýylyň 1-nji noýabryndan 10-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurduň ýaş diplomatlary we beýleki döwlet işgärleri üçin okuw geçirilýär. Bu okuw, Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG)  Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysynyň Edarasy we BMG-nyň Sekretariatynyň Syýasy we parahatçylyk dörediji işler boýunça bölümi (DPPA) bilen bilelikde guraldy. Bu çäräniň maksady, BMG-nyň ulgamynyň işleri barada habardarlygy ýokarlandyrmak we halkara gatnaş...

DOWAMY
1 Noý

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNA RESMI SAPARY BAŞLANDY

2022-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapar bilen ugrady. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça amala aşyrylýan saparyň maksatnamasynyň çäklerinde Moskwada ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi meýilleşdirildi. Şol duşuşyklar parlamentara hyzmatdaşlygy, umuman, däp bolan dostlukly türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan b...

DOWAMY