SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN GDA-NYŇ ÇÄKLERINDE YNSANPERWER HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK UGRUNDA ÇYKYŞ EDÝÄR
2021-nji ýylyň 2-nji aprelinde Moskwada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde gatnaşyjylar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Lukmançylyk ugurda hyzmatdaşlyk şolaryň arasynda esasylarynyň biri hökmünde maslahatlaşyldy. Mejlisde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow çykyş etmek bilen, GDA-nyň çäklerinde döredilen...
“Häzirki zaman dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy” atly metbugat konfrensiýasy
2021-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde göni we sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen “Häzirki zaman dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy” atly metbugat konfrensiýasyna “Korean Broadcasting System” (KBS) teleradio kompaniýasynyň Halkara gatnaşyklary bölüminiň direktory jenap Wansu Kim wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy. Metbugat konferensiýasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna, hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna hem-de...
BMG, ÝHHG, HALKARA GYZYL HAÇ KOMITETI – TÜRKMENISTANYŇ ADAM HUKUKLARY BABATDA HALKARA BORÇNAMALARYNY WE HALKARA YNSANPERWER HUKUGYNY DURMUŞA GEÇIRMEK IŞINDE ESASY HYZMATDAŞLARYŇ HATARYNDA
Şu gün Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilişi boýunça geçirilen Pudagara toparynyň mejlisinde ýurduň ynsanperwerlik syýasatyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleriň giň gerimine seredildi. Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda BMG-niň wekilleri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň derejesine ýokar...
TÜRKMENISTAN HALKARA HYZMATDAŞLARY BILEN YNSANPERWER HYZMATDAŞLYGY GIŇELDÝÄR
Şu gün, 2021-nji 24-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň düzümleriniň, şol sanda BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň we ÝUN...
«HÄZIRKI ZAMAN DÜNÝÄDE PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ DERWAÝYSLYGY» ATLY METBUGAT-KONFERENSIÝASYNA GATNAŞYJYLAR TARAPYNDAN HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNYŇ GEÇIRILMEGINIŇ DERWAÝYSLYGY NYGTALDY
Şu gün Türkmenistanyň DIM-de ýerli we daşary ýurtlaryň teleradioýaýlymlary ulgamynda işleýän edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen metbugat-konferensiýasynda Türkmenistanyň bu ugurdaky başlangyjynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmeginiň derwaýyslygy aýratyn bellenildi. Şeýlelikde, «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň başlygynyň orunbasary W.Kazarezow öz çykyşynda Tü...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE «HÄZIRKI ZAMAN DÜNÝÄDE PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ DERWAÝYSLYGY» ATLY METBUGAT-KONFRENSIÝASY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde göni we sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Häzirki zaman dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy» atly Metbugat-konfrensiýasy geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanyldy. Metbugat-konfrensiýasyna milli gazet-žurnallaryň redaktorla...
ТÜRKMENISTAN – IRENA: IŞJEŇ HYZMATDAŞLYGYŇ ALNYP BARYLMAGYNA YGRARLYDYRLAR
2021-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) Baş direktory Françesko La Kamera bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda ähmiýetili mümkinçiliklere eýe bolan özara gatnaşyklaryň netijeliligi bellenilip geçildi. Mälim bolşy ýaly, türkmen tarapy Agentlik tarapyndan halkara, sebit derejelerinde geçirilýän çärelere, şol sanda IRENA-nyň Assambleýalaryna yzygiderli...