Seul şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň medeni festiwaly geçirildi
2023-nji ýylyň 13–14-nji maýy aralygynda Koreýa Respublikasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilelikdäki medeni festiwaly geçirildi.
Iki gün dowam eden bahar festiwalyň açylyş dabarasynda «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň Sekreteriatynyň Baş direktory Li Joň Kuk, şeýle hem Seul şäherindäki Merkezi Aziýa ýurtlaryň diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary çykyş edip, Koreýa bilen Merkezi Aziýa döwletleriň arasyndaky medeniýetleriniň özara baýlaşmagynda, ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmeginde şu gezekki çäräniň ähmiýeti barada gysgaça gürrüň berdiler.
Merkezi Aziýa ýurtlaryň gelin-gyzlarynyň biri-birinden özboluşlylygy bilen tapawutlanýan üýtgeşik dizaýner fasonynda dikilen milli we döwrebap lybaslaryň görkezilmegi ýygnananlara uly lezzet paýlady. Şeýle hem şol ýerde Merkezi Aziýa döwletleriniň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly konserti boldy.
Bu bahar festiwalyň çäklerinde gazak, gyrgyz, täjik, türkmen hem-de özbek halklarynyň özboluşly milli däp-dessuryna, medeniýetine, taryhyna we häzirki döwürde gazananlaryna bagyşlanan sergisi hem gurnaldy.
Medeni festiwala gatnaşyjy tomaşaçylara koreý dilinde “Seýis” atly kinofilmi hem görkezildi, onda türkmen halkynyň ruhy-taryhy mirasyny gorap saklamak we artdyrmak, hususan-da, ahalteke bedewine goýulýan sarpa, olaryň arassa tohumyny nesilden-nesile geçirmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda beýan edilýär.