RSS

SOŇKY HABARLAR

10 Iýul

AŞGABATDA ONLAÝN-KHBS-DE IŞLEMEGIŇ BAŞARNYKLARY BOÝUNÇA TÄLIM OKUWY GEÇIRILÝÄR

2019-njy ýylyň 10-njy iýulynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan guralan onlaýn-KHBS-de işlemegiň başarnyklary boýunça tälim okuwy öz işine başlady. Okuwa Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH), Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri, şeýle hem sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de metbugatyň wekilleri gatnaşý...

DOWAMY
8 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-ITALÝAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Italiýa Respublikasynyň Parlamentiniň deputatlar palatasynyň Wise-prezidenti Ettore Rozatonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.  Dostlukly ýagdaýda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky özarabähbitli türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatla...

DOWAMY
8 Iýul

AŞGABATDA TÜRKMEN-BAHREÝN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2019-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň halkara işleri boýunça orunbasary Doktor Şeýh Abdulla bin Ahmed bin Abdulla Al Halifanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar gazanyla...

DOWAMY
7 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝB-NIŇ WE MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

Şu gün,7-nji iýulda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi, oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.S.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda 2019-njy ýylyň 17-nji iýunynda kabul edilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine degişli bolan meseleleriň giň toplumy boýunça pikirler alyşyldy...

DOWAMY
6 Iýul

AŞGABATDA ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILIÝETINIŇ DÖREDILMEGI BARADAKY RESMINAMA GOL ÇEKILDI

2019-njy ýylyň 6-njy iýulynda Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-Prezidenti hanym Federika Mogerininiň Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn syýasy gepleşikler, ykdysady we sebitleýin integrasiýa, şeýle hem me...

DOWAMY
6 Iýul

ÝB-NIŇ DAŞARY IŞLER WE HOWPSUZLYK SYÝASATY BOÝUNÇA ÝOKARY WEKILI FEDERIKI MOGERININIŇ AŞGABADA SAPARY

2019-njy ýylyň 5-nji iýulynda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-Prezidenti Federika Mogerini Aşgabada iş sapary bilen geldi. Saparyň dowamynda ýokary derejeli myhman Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we Daşary işler ministri bilen duşuşyklary geçirer.

DOWAMY
5 Iýul

LÝUKSEMBURGDA ÝHHG-NIŇ PARLAMENT ASSAMBLEÝASYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY

2019-njy ýylyň 4-nji iýulynda Lýuksemburgda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 28-nji her ýylky mejlisi öz işine başlady. Çäräniň birinji gününiň barşynda gün tertibi we 3 (harby-syýasy, ykdysady we ynsanperwer) komitet boýunça kabul edilmäge meýilleşdirilýän rezolýusiýalaryň hatary tassyklanyldy. 5-nji iýulda ykdysady meseleler boýunça ikinji komitetde “Durnukly ösüş üçin ylym, tehnika we innowasiýalar ugurlarynda strategiki maglumat beriş” atly Belarus Respublikasynyň beren rezolýusiýasynyň...

DOWAMY