Halkara guramalar Arkadag şäheri bilen gyzyklanýar

2023-nji ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Ählumumy «Ýaşyl ösüş» institutynyň (GGGI) Baş direktory Frank Rijsberman bilen Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi B.Durdyýewiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

GGGI agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bu guramanyň çäklerinde ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmekligi meýilleşdirýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar GGGI bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda daşky gurşawy goramak hem-de ýaşyl ykdysadyýeti ösdürmek ýaly geljekki taslamalary we maksatnamalary ara alyp maslahatlaşdylar. Ekologiýanyň goralmagyna hem-de tebigy gorlaryň netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilen halkara işlerinde Türkmenistanyň işjeň we möhüm orun eýeleýändigi bellenilip geçildi.

Hususan-da, duşuşygyň dowamynda Ilçi B.Durdyýew GGGI wekillerine Arkadag şäheri barada giňişleýin gürrüň berdi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory — Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly tagallalarynyň netijesinde gurulan täze «akylly şäheriň» konsepsiýasy häzirki zaman binagärliginiň ösen tejribelerini utgaşdyrylyp, şol bir wagtda bina edilýän desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeleri ulanylyp, şäherde ýaşaýyş jaýlarynyň, edaralaryň töwereginde, köçelerde we ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin «akylly» wideogözegçilik ulgamlary, şeýle-de maglumat hem-de aragatnaşyk tehnologiýalary sanly ulgam arkaly dolandyrylar we ekologik taýdan arassa elektrobuslar, elektromobiller hereket eder.

Ahal welaýatynyň Arkadag şäherindäki binalaryň we desgalaryň ekologik taýdan arassa serişdeleriň ulanylmagy, GGGI alyp barýan maksatnamasyna doly gabat gelýär we bu gurama Arkadag şäherine uly gyzyklanma bildirýär.