SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25-ýyllygyny belläp geçmek bilen bagly taýýarlyk işler Koreýa Respublikasynda alnyp barylýar
2020-nji ýylyň 11-nji maýyndan başlap, Koreýa Respublikasynyň paýtagty - Seul şäherinde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan banerli awtobuslary we 2020-nji ýylda biziň ýurdumyzda yglan edilen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygarly awtobuslara duş gelip bolýar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň orny we ähmiýeti baradaky makalalar ýerli gazetlerde we internet sahypalarynda yz...
KHBS ÜÇIN HABAR
2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň wise-premýeri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň Russiýa tarapynyň baştutany Alekseý Logwinowiç Owerçuk bilen telefon arkaly gepleşigi boldy. Gürrüňdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň şu ýylyň 12-nji maýynda bolan telefon gepleşiginiň netijesindegelnen ylalaşyklary ýerine ýeti...
TÜRKMENISTAN WE BAE ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK BILEN BAGLY MESELELERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda sanly wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly DIM-ara geňeşmeleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew ýolbaşçylyk etdi. BAE-niň wekiliýetine Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň syýasy meseleler boýunça orunbasary Halifa Şahin Halifa Almarar ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary birek-birek bilen salamlaşyp, özara hormat goýmak, netijelilik hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň üýtgewsiz dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin birek-biregi Beýi...
TÜRKMENISTANYŇ WE RUMYNIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA WIDEOKONFERENSIÝA GÖRNÜŞINDE GEÇIRILEN GEŇEŞMELER
2020-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, rumyn wekiliýetine Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary D.Nekulaesku ýolbaşçylyk etdiler. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-rumyn gatnaşyklaryny ösdürmäge ygrarlydykl...
GDA GATNAŞYJY-DÖWLETLERIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ WIDEOKONFERENSIÝA GÖRNÜŞINDE MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy, çäre göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Duşuşyga Arkalaşyga gatnaşyjy-döwletleriň daşary işler ministrleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew dagylar gatnaşdylar. Işjeň ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda taraplar ýurtlaryň dünýädäki epidemiologik...
TÜRKMENISTANYŇ SENAGAT WE GURLUŞYK ÖNÜMÇILIGI MINISTRLIGI BILEN “TYPSA" ISPAN KOMPANIÝASYNYŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDA WIDEO ARAGATNAŞYK ARKALY DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň hem-de Ispaniýanyň “TYPSA” kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda wideo maslahaty geçirildi. Wideo maslahatyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen TYPSA-nyň arasyndaky senagat desgalarynyň gurluşygyny durmuşa geçirmekde we olara siňdirilýän çig mallary öndürmek pudagyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Onlaýn duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan dürli zawodlaryň taslam...