img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
KOREÝA RESPUBLIKASY - SEUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Maý

TÜRKMENISTAN BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNA SYNÇY DEREJESINDE GOŞULMAGYŇ ÝOLUNDA

2020-nji ýylyň 15-nji maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmagy hakyndaky» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, dek şu günüň özünde türkmen tarapy Bütindünýä söwda guramasyna synçy derejesinde goşulmak üçin BSG-nyň Baş direktorynyň adyna arza-hatyny ýollady. BSG-na goşulmagyň amallaryna laýyklykda Türkmenistany...

DOWAMY
pic
15 Maý

DIM-DE PANDEMIÝANYŇ ÝURDUŇ DURMUŞ-YKDYSADY ÝAGDAÝYNA ÝETIRÝÄN TÄSIRLERINIŇ GOWŞADYLMAGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda aýratyn howply ýokanç keseliň ýaýramagynyň Türkmenistanyň we sebitiň durmuş-ykdysady  ýagdaýyna ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşmak boýunça iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň we Merkezi bankynyň wekilleri gatnaşdylar. M...

DOWAMY
pic
15 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HGI-DA «ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝA: TÜRKMENISTANYŇ, OWGANYSTANYŇ WE BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ TEJRIBELERI» ATLY MASLAHAT

2020-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda onlaýn görnüşinde «Öňüni alyş diplomatiýa: Türkmenistanyň, Owganystanyň we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň tejribeleri» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi, Türkmenistanyň BMG-n...

DOWAMY
pic
15 Maý

MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYŇ SEBITLEÝIN BAŞLANGYJYNYŇ ONLAÝN-TANYŞDYRYLYŞY

2020-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň “COVID-19 pandemiýasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň täze ugurlary” atly sebitleýin başlangyjynyň onlaýn-tanyşdyrylyşy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň DIM-niň, Döwlet migrasiýa gullugynyň, şeýle hem MHG-niň agza döwletleriniň Merkezi Aziýadan, Russiýadan we Ýewropadan wekilleri, MHG-niň hünärmenleri, donor guramalary gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş MHG-niň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utg...

DOWAMY
pic
14 Maý

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25-ýyllygyny belläp geçmek bilen bagly taýýarlyk işler Koreýa Respublikasynda alnyp barylýar

2020-nji ýylyň 11-nji maýyndan başlap, Koreýa Respublikasynyň paýtagty - Seul şäherinde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan banerli awtobuslary we 2020-nji ýylda biziň ýurdumyzda yglan edilen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygarly awtobuslara duş gelip bolýar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň orny we ähmiýeti baradaky makalalar ýerli gazetlerde we internet sahypalarynda yz...

DOWAMY
pic
13 Maý

KHBS ÜÇIN HABAR

2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň wise-premýeri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň Russiýa tarapynyň baştutany Alekseý Logwinowiç Owerçuk bilen telefon arkaly gepleşigi boldy. Gürrüňdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň şu ýylyň 12-nji maýynda bolan telefon gepleşiginiň netijesindegelnen ylalaşyklary ýerine ýeti...

DOWAMY
pic
13 Maý

TÜRKMENISTAN WE BAE ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK BILEN BAGLY MESELELERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda sanly wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly DIM-ara geňeşmeleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew ýolbaşçylyk etdi. BAE-niň wekiliýetine Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň syýasy meseleler boýunça orunbasary Halifa Şahin Halifa Almarar ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-...

DOWAMY