SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ GDA BAŞLYKLYK ETMEGINIŇ KONSEPSIÝASYNA LAÝYKLYKDA TÜRKMENISTANDA GEÇIRILMEGI MEÝILLEŞDIRILÝÄN ÇÄRELER
15 - 16-njy maýda Aşgabat şäherinde GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy geçiriler Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky ylym-bilim, medeni-ynsanperwer, sungat we döredijilik babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Kar...
TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇIHANASY BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASYNY GEÇIRDI
2019-njy ýylyň 3-nji aprelinde Ukrainanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Ilçihanasy bu edaranyň ýanyndaky Ukrain-Türkmen işewürlik geňeşiniň ýardam bermeginde we işjeň gatnaşmagynda birinji Hazar Ykdysady forumynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdi. Dabara Ukrainanyň DIM-niň işgärleri, hazarýaka döwletleri bolan Azerbaijan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasýasynyň Ilçihanalarynyň diplomatlary, ýurduň sebit söwda-senagat e...
POLŞA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR
2019-njy ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Baku şäheri) Marek Salka bilen duşuşyk geçirildi.
Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary amala aşyrar
2019-njy ýylyň 1-nji aprelinde geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimize Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak döwlet saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Ýakynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň Türkmen böleginiň düz...
BOLGARIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku şäheri) Nikolaý Ýankow bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Bolgariýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde bilelikde hereket etmäge we goldaw bermäge taýýardy...
“Nowruz Seulda” atly sergisi öz işine başlady
Seul şäherindäki Koreýa Fonduň sergiler merkezinde Türkmenistanyň “Nowruz Seulda” atly sergisi açyldy. Sergide Türkmenistanyň we Merkezi Aziýa döwletleriň amaly-haşam sungatlary we muzeý gymmatlyklary sergilendirildi. Bu dabaraly çäreleriň çäklerinde Seul şäheriniň “Cheonggye Square” seýilgähinde 2019-njy ýylyň 27-28-nji aprelinde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň çykyşlary we moda görkezmek dabarasy hem meýilleşdirilýär.
«ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA ТÜRKMENISTAN-ÝB DIALOGYNYŇ» NOBATDAKY TAPGYRY AŞGABATDA GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 29-njy martynda Aşgabatda adam hukuklary boýunça Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky dialogynyň nobatdaky 11-nji tapgyry geçirildi. ÝB-niň wekiliýetine Ýewropanyň Daşary aragatnaşyklar gullugynyň Merkezi Aziýa ýurtlary müdirliginiň başlygy B.Ýaroşewiç ýolbaşçylyk etdi. Türkmen tarapyndan mejlisiň işine Adam hukuklary boýunça ygtyýarlandyrylan wekil – Türkmenistanyň Ombudsmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ýokary Kazyýetiniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Daşar...