RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
29 Mar

MOSKWA KONSERWATORIÝASYNDA NURY HALMÄMMEDOWYŇ 80-ÝYLLYK ÝUBILEÝINE BAGYŞLANYP DÖREDIJILIK AGŞAMY GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedowyň 80-ýyllyk ýubileýine bagyşlap döredijilik agşamy we konsert geçirildi. Bu çäräni ýokary derejede dabaraly geçirmek üçin Türkmenistandan Moskwa şäherine Türkmen milli konserwatoriýasynyň ylmy-döredijilik işleri boýunça prorektory R.H.Amangel...

DOWAMY
pic
25 Mar

2018-nji ýylyň 25-nji martynda Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary geçirildi.

2018-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary geçirildi. Bu çäre 2017-nji ýylda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryndan soňra, Ilçihanada geçirilýän ikinji saýlawlardyr. Koreýa Respublikasynda ýaşaýan, bilim alýan we syýahatçylyga gelen Türkmenistanyň raýatlary saýlawlara gatnaşdylar. Bu dabaraly çärelere gatnaşyjylara Ilçihana tarapyndan türkmen milli tagamlary hödür edildi.

DOWAMY
pic
24 Mar

СООБЩЕНИЕ ДЛЯ ПРЕССЫ

В последние дни в средствах массовой информации Ирана и других государств получило распространение искаженная информация о, якобы, имевших место неправомерных действиях пограничных служб Туркменистана в отношении иранского судна. Туркменская сторона заявляет, что 21 марта 2018 года в территориальных водах Туркменистана, в 3-4 км от береговой линии Туркменистана, на Каспии пограничными службами Туркменистана была пресечена попытка контрабандного провоза крупной партии наркотических средств группо...

DOWAMY
pic
21 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK BOLDY

2018-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit ministri Bižan Namdar Zanganenyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk boldy.  Duşuşygyň barşynda taraplar bir-birini ýetip gelýän Halkara Nowruz baýramy bilen mähirli gutladylar. Hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik ugry barada aýdylanda taraplar ýokary derejedäki saparlaryň ornuny bellediler. Şu jähtden türkmen tarapy Eýran Yslam Respublikasynyň Prezide...

DOWAMY
pic
21 Mar

PEKINDE BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ UGURLARY BOÝUNÇA IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINE BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GEÇIRILDI.

2018-nji ýylyň 19-njy martynda Pekiniň Ulag uniwersitetiniň maslahatlar zalynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine bagyşlanan türkmen-hytaý tegelek stoly geçirildi. Tegelek stol 2018-nji ýylyň “Türmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip yglan edilmegine bagyşlandy. Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy, Pekiniň Ulag uniwersiteti we Ýol we köpri gurluşygy boýunça işleýän Hytaý kompaniýasy bu çäräniň gurnaýjylary bolup çykyş etdile...

DOWAMY
pic
20 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNYŇ DÖREDILMEGINIŇ 10 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 20-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlap «Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy: taryhdan geljege» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Irden institutyň baş binasynyň foýesinde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň işiniň taryhyna bagyşlanan sergi açylyp, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ylymlar akademiýasynyň wekilleri, ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we...

DOWAMY
pic
17 Mar

PEKINDE “TÜRKMENISTAN BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ KUWWATLY ÜSTAŞYR-ULAG MERKEZI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 15-nji martynda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň aktlar zalynda “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň kuwwatly üstaşyr-ulag merkezi” atly maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen Hytaýyň nebit uniwersitetiniň ýolbaşçylygynyň we Hytaýyň “Petroçaýna” nebitgaz kompaniýasynyň Halkara hyzmatdaşlyk departamentiniň ýakyndan ýardam bermeginde gurnaldy. Forumyň pikir alyş-çalyş meýdançasy Hytaýyň paýtagtynyň ulag pudagynyň i...

DOWAMY