SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Nowruz baýramçylygy mynasybetli dabaralar geçirdi
2019-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Nowruz baýramçylygy mynasybetli dabaralar geçirdi. Bu baýramçylyk mynasybetli Ilçihanada sportuň küşt, şaşka we stol üstündäki tennis boýunça bäsleşikler geçirildi. Dabaralara gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlyklar gowşuryldy, bäsleşikleriň ýeňijilerine bolsa şahadatnamalar we gymmat bahalay sowgatlar berildi. Dabaralar tamamlanandan soňra oňa gatnaşyjylara türkmen milli tagamlary hödür edildi.
ŽENEWADA DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA SEBITLEÝIN FORUM GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 21-22-nji martynda Ženewanyň halkara maslahatlar merkezinde Durnukly ösüş boýunça Sebitleýin forum öz işine başlady, oňa ÝYK sebitiniň ýurtlaryndan ýokary derejedäki wekiliýetler gatnaşdylar. Türkmenistandan foruma Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Albaniýanyň Saglygy goraýyş we sosial goragy ministri hanym O.Manastirlýunyň başlyklyk etmeginde geçirilen açylyş dabarasyna BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary ha...
TÜRKMENISTANDA HALKARA NOWRUZ GÜNI BELLENILIP GEÇILDI
Türkmenistan Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny ruhubelentlik bilen garşylady. Bu baýramçylyk mynasybetli dabaralar, däp bolşy ýaly, Nowruz ýaýlasynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde ägirt uly «Türkmeniň ak öýi» guruldy. Ýaýlada, Ahalyň dag etegindäki jülgesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzy giň möçberli bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň nobatdaky tapgyrynyň durmuşa geçirilmegine badalga berildi. Çärä çagyrylan myhmanlaryň hatarynda Tür...
“Merkezi Aziýanyň bahary, Nowruz” segisiniň açylyş dabarasy geçirildi
2019-njy ýylyň 20-nji martynda Seul şäherinde ýerleşýän Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlyk forumynyň galereýasynda “Merkezi Aziýanyň bahary, Nowruz” segisiniň açylyş dabarasy geçirildi Bu dabaraly çärä Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Merkezi Aziya-Koreya hyzmatdaşlyk Forumynyň ýolbaşçysy, Merkezi Aziya-Koreya hyzmatdaşlyk Forumynyň sekretariatynyň ýolbaşçysy, Koreýa Respublikasynda ýerleşýän Diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNYŇ WENA ŞÄHERINDE BMG-NIŇ NEŞE SERIŞDELERI BARADAKY KOMISSIÝASYNYŇ 62-NJI SESSIÝASYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 14-15-nji marty aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň neşe serişdeleri baradaky Komissiýasynyň nobatdaky 62-nji sessiýasynyň isine gatnaşdy. Komissiýanyň gün tertibiniň esasy meseleleri bolan neşe serişdeleriň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanşygy boýunça meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler neşe serişdelerine gözegçilik etmek boýunça halkara ulgamynyň geljekde hem pugtalandyrylmagyna, BMG-niň neşe serişdeler...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY PEKINDE BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASYNY GEÇIRDI
2019-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň HHR-ki Ilçihanasy Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebiniň rektorlygy bilen birlikde tanyşdyryş dabarasyny we baýramçylyk konsertini geçirdi, şeýle hem birinji Hazar Ykdysady forumy, Türkmenistanyň GDA-da, AHHG-da başlyklyk etmegi we Halkara Nowruz güni mynasybetli kabul edişlik hem-de hödür-kerem dabarasyny geçirdi. Tanyşdyryş dabarasynyň açylyşynda Türkmenistanyň HHR-ki Ilçisi çykyş etdi, ol öz çykyşynda halkara işlerine i...
BAHREÝNIŇ PATYŞASYNYŇ TÜRKMENISTANA SAPARY TAMAMLANDY
2019-njy ýylyň 19-njy martynda Onuň Alyjenaby Bahreýniň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifanyň Türkmenistana döwlet sapary tamamlandy. Özüniň döwlet saparynyň üçünji gününde Belent mertebeli myhman Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördi we muzeýiň gymmatlyklary bilen tanyş boldy. Onuň Alyjenaby Patyşa dünýä ýüzünde şöhrat gazanan nepis türkmen halylaryny aýratyn synlap, olaryň dokalyş aýratynlygyna haýran galdy. Onuň Alyjenaby Bahreýniň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifa Hormatly myhmanlaryň...