RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ 2018-NJI ÝYL ÜÇIN IŞ MEÝILNAMASY BILEN TANYŞDYRMAK BOÝUNÇA TEGELEK STOLUNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň 2018-nji ýyl üçin iş meýilnamasy bilen tanyşdyrmaklyga bagyşlanan tegelek stol görnüşindäki mejlisi geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi bilen hyzmatdaşlyk esasynda gurnaldy.   Tegelek stolyň işine Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt döwletl...

DOWAMY
pic
9 Few

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy (oturýan ýeri Ankara şäheri) jenap Kristian Berger bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda gazanylan üstünlikler we geljekde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ikitaraplaýyn özarab...

DOWAMY
pic
6 Few

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Türkmenistan - Koreýa parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Mämmetalyyew Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Türkmenistan - Koreýa parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy, Ylym, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar, teleradioýaýlym we aragatnaşyk komitetiniň ýerine ýetiriji sekretary Pak Deçul bilen duşyşyk geçirdi. Taraplar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň arasynda gatnaşyklaryň ýokary derejededigini b...

DOWAMY
pic
6 Few

HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY

2018-nji ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Azar Abul Hasan Han bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň başynda Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy. Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp taraplar geljekde bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki...

DOWAMY
pic
2 Few

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BRIFING GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda 2017-nji ýylda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy netijeleri, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny durmuşa gecirmegiň çäginde geçen ýyl boýunça DIM-niň işiniň netijeleri, şeýle hem 2018-nji ýyl üçin meýilleşdirilýän çäreler bilen tanyşdyrmak boýunça brifing geçirildi. Brifingiň işine Ilçihanalaryň we halkara guramalaryň işgärleri, Türkmenistanda akk...

DOWAMY
pic
25 Ýan

TDIM-NDE HALKARA TALYP SPORTY FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen, Halkara talyp sporty federasiýasynyň Prezidenti Oleg Matysiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar talyp sporty ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy geljekde ösdürmegiň meselelerine garadylar, şeýle hem Halkara talyp sporty federasiýasynyň we Türkmenistanyň sport edaralary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmagyň maksadalaýyklygy barada aýdyp, Türkmenistanyň Daşa...

DOWAMY
pic
24 Ýan

Parlamente, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralaryna dalaşgärleri hödürlemek çäreleri başlanýar

Aşgabatda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Ol Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere bagyşlandy. Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň işgärleri, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we...

DOWAMY