SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine täze bellenen Jin Ki Huny kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat watg tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Koreýa Pespublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna bagt we rowaçlyk baradaky arzuwyny ýetirdi. Jenap Jin Ki Hun öz ýurdunyň Bitarap Türkmenistan bilen däp...
Mejlisde Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýti bilen duşuşyk geçirildi
Mejlisinde Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Wekiliýete Koreýa-Türkmenistan parlament dostluk toparynyň ýolbaşçysy, ylym, teleradiogepleşikler we aragatnaşyk boýunça komitetiniň agzasy jenap Park Deçul ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň barşynda myhmanlar ýurdumyzyň ýokary kanunçykaryjylyk edarasynyňesasy wezipeleri, onuň düzümi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeler babatda işiniň ugurlary bilen tany...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PARLAMENT WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri R.Meredowyň Koreýa-Türkmenistan parlament dostluk toparynyň Prezidenti Park De Çulyň ýolbaşçylygyndaky Koreýa Respublikasynyň parlamentiniň wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň başynda ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ýokary görkezijilerini belläp, taraplar parlamentara gatnaşyklaryny we geljekde iki ýurduň parlamentleriniň arasynda özaragatnaşyklaryny ösdürmäge ygrarlylygyny bellediler. Mundan başga-da taraplar...
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ WEKILIÝETI TÄHRANDAKY YHG-NYŇ AGZA-ÝURTLARYNYŇ PARLAMENT BILELEŞIGNIŇ MASLAHATYNA GATNAŞDY
2018-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň agza-ýurtlarynyň Parlament bileleşigniň maslahaty öz işine başlady. Maslahatyň işine gatnaşmak üçin Tährana Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Tährana geldi. Günüň ikinji ýarymynda Eýran Yslam Respublikasynyň Mejlisiniň binasynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň çakylygy kabul edilendigi we Tährana wekilçilikli topar iberilendigi üçin m...
TÜRKMENISTANYŇ WE HINDISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER
2018-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Hindistana özüniň gysga möhletleýin saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Nýu-Delide Hindistanyň Daşary işler ministri Suşma Swaraj bilen duşuşdy. Hindistanyň Daşary işler ministrine gysga wagtyň içinde duşuşygy gurnandygy üçin minnetdarlygyny bildirip, R.Meredow TAPI gaz geçirijisini tejribede durmuşa geçirmekde we iri hususy we döwlet donorlary tarapyndan degişli maliýe çeşmelerini...
PALESTINA DÖWLETINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Palestina Döwletiniň Daşary işler ministriniň orunbasary Mazen Şamiýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşyp, olary geljekde ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlediler. Öňdebaryjy ugurlaryň hatarynda Türkmenistanyň we Palestina Döwletiniň arasyndaky syýasy-diplomatik özaragatnaşyklary bellenildi. Gepleşikleri...
YSLAMABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE PAKISTANYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELERIŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 14-16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti iki günlik sapar bilen Yslamabatda boldy. Günüň birinji ýarymynda duşenbe güni Pakistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň we Pakistanyň arasynda daşary işler ministrleriň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Pakistan tarapyna ýurduň Daşary işler ministri Khawaja Muhammad Asif ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň gün tertibine...