SOŇKY HABARLAR
MANAMADA TÜRKMENISTANYŇ WE BAHREÝNIŇ ARASYNDA IKITARAPLAÝYN SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 30-njy iýulynda ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Manama şäherine geldi. Bahreýniň wekiliýetine ýurduň Daşary işler ministriniň halkara gatnaşyklar boýunça orunbasary Doktor Şeýh Abdulla bin Ahmed bin Abdulla Al Halifa baştutanlyk etdi. Geňeşmeleriň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy girizilipdir. Duşuşygyň...
AŞGABATDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-GYRGYZ TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 30-njy iýulynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara binasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 3-nji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň we hususy düzümleriň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Toparyň gyrgyz bölegine Gyrgyz Respublikasynyň Ykdysadyýet ministri O.M.Pankratow baştutanlyk etdi. Me...
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 30-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gazagystan Respublikasynyň täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Žandos Asanow bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar we Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary geljekde işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň oňaýly ösýändigini belläp, taraplar halkara guramalaryň çä...
Türkmenistanyň Seuldaky Ilçihanasynda "Amul-Hazar" halkara awtorallisine bagyşlananan brifing geçirildi
2018-nji ýylyň 27-nji iýulynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda brifing geçirildi, onuň esasy mowzugy sentýabr aýynda geçiriljek "Amul-Hazar" halkara awtorallisi boldy, ýa-da halkara derejede kesgitlenen - «Turkmen Desert Race 2018». Geçirilen çärede Koreýa Respublikasynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden başga, Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, “Koreýa-Merkezi Aziýa” hyzmatdaşlyk Forumynyň sekretariatynyň, Merkezi Aziýa bilen Koreýa R...
PHENÝANDA TÜRKMENISTANYŇ WE KOREÝA HALK DEMOKRATIK RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 25-26-njy iýuly aralygynda Phenýanda Türkmenistanyň we Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmelere türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, Demirgazyk Koreýa tarapyndan KHDR-nyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sin Hong Çol ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen KHDR-nyň arasynda syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda we halkara gur...
OWGANYSTANDA RABATKAŞAN-KALAÝNAU UGRY BOÝUNÇA ELEKTRIK GEÇIRIJISINIŇ WE ELEKTRIK BEKEDINIŇ DABARALY AÇYLYŞY BOLDY
2018-nji ýylyň iýul aýynyň 26-da Owganystan Yslam Respublikasynyň Bathyz welaýatynyň Kalaýnau şäherinde Rabatkaşan-Kalaýnau ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we 110/20 kw elektrik bekediniň dabaraly açylyşy boldy. Bu çärä Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani we Türkmenistanyň Energetika ministri Ç.Pürçekowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdylar. Çäräniň başynda türkmen wekiliýetiniň Owganystanyň Prezidenti bilen gysga wagtlyk duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda taraplar i...
WENGRIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 26-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Taşkent ş.) Peter Santo bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasyndaky ynamly we özara bähbitli gatnaşyklar barada aýdyp, taraplar yzygiderli esasda geçirilýän işjeň we köpderejeli syýasy gepleşikleri hoşallyk bilen bellediler. Şunlukda ýokary derejelerdäki saparlary...