SOŇKY HABARLAR
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 73-NJI MEJLISINDE TÜRKMENISTANYŇ ILERI TUTÝAN UGURLARY
Baş Assambleýanyň 73-nji mejlisi Birleşen Milletler Guramasynyň köptaraply işinde möhüm waka bolup durýar. Ol gün tertibiniň esasy meselelerini çözmek boýunça halkara tagallalary yzygiderli birleşdirmek, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkarar etmekde, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatda Gün tertibini doly möçberli amala aşyrmakda, ähmiýetli halkara maslahatlaryň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar babatda durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça agza döwletleri...
ASTRAHANDA “AMUL – HAZAR 2018” HALKARA AWTORALLISINIŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI
Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy (Astrahan şäheri) 2018-nji ýylyň 9-15-nji sentýabrynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Amul – Hazar 2018” Halkara awtorallisiniň tanyşdyryş dabarasyny geçirdi. Bu dabara Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsuly A.Baýramow, Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary G.Agamyradow, Astrahan oblastynyň Sport ministri M.Fidurow, Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň Astrahandaky wekili O.Kolomin, Gazag...
TÜRKMENISTANDA TÄZE DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY DÖREDILDI
2018-nji ýylyň 23-nji iýulynda Aşgabatda geçirilen maslahatyň esasy meselesi milli Liderimiziň Permanyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň öňünde durýan möhüm wezipeler boldy. Täze institut Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutyny birleşdirmegiň esasynda döredildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda ýurd...
TÜRKMENISTAN EÝRANYŇ HALKYNA YNSANPERWERLIK KÖMEGINI BERÝÄR
Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan ugur alyp, Eýranyň Kermanşah welaýatynda bolan ýertitremesi zerarly ejir çeken ilata ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, käbir ministrliklere we edaralara Eýran Yslam Respublikasyna muzdsuz ynsanperwer kömegi bermek tabşyryldy. 2018-nji ýylyň 23-nji iýulynda uçar bilen iberilen ynsanperwer...
PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLADY
2018-nji 19-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Murad Aşraf Janjua bilen duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapy Ilçiniň Türkmenistandaky diplomatik wezipesiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlap, gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar, şeýle-de Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklary geljekde hem işjeňleş...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI ÇARELERE GATNAŞDY
2018-nji ýylyň 18-nji iýulynda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Berdimuhamedowyň durnukly ösüş boýunça Ýokary derejeli syýasy forumynyň ministrler ýygnagynyň umumy maslahatlaşmasynda çykyş etdi. Ol öz çykyşynda DÖM-niň netijeli integrasiýasyny we ýerli aýratynlyklary we maksatlary nazara almak bilen Türkmenistanyň ösüşiniň milli strategiýasyna bagly maksatlaryny belledi. Şeýle hem ol BMG-niň ÖM, ÝB we BMG-niň ýanyndaky Slowakiýanyň Hemişelik Wekil...
ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝURDUŇ ULAG UGRUNDAKY «TÜRKMENISTAN - BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI» WE AWTORALLI «АMUL-HAZAR 2018» DIÝEN BAŞLANGYÇLARY BARADA BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI
2018-nji ýylyň 18-nji iýulynda ÝHHG-niň ykdysady we ekologiýa meseleleri boýunça komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň resmi wekilleri ýurduň ulag ulgamyndaky esasy başlangyçlary barada beýannama bilen çykyş etdiler. Beýannamada Nýu-Ýorkda 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak» atl...