SOŇKY HABARLAR
MANGEÝM ŞÄHERINDE «MARGIANA – TÜRKMENISTANYŇ ÇÄGINDÄKI BÜRÜNÇ EÝÝAMYNYŇ ŞALYGY» SERGISINIŇ AÇYLMAGY
2019-njy ýylyň 9-njy martynda Mangeým şäheriniň Raýs-Engelhorn muzeý toplumynda «Margiana – Türkmenistanyň çägindäki bürünç eýýamynyň şalygy» atly arheologiki sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Açylyş dabarasyna 400 golaý adamlar gatnaşdylar, olaryň arasynda Bundestagyň deputatlary, Mangeýmiň syýasy toparlarynyň wekilleri, German-Türkmen forumynyň ýolbaşçylary, ylmy toparlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we kompaniýalarynyň, şeýle hem ol ýerde ýaşaýan türkmenleriň wekilleri gatnaşdy. ...
Koreýa Fondunyň diplomatlar üçin koreý dili we medeniýeti atly okuw maksatnamasynyň açylyş dabarasy
2019-nji ýylyň 8-nji martynda Seul şäherinde Koreýa Fondunyň diplomatlar üçin koreý dili we medeniýeti atly okuw maksatnamasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu açylyş dabarasynd Koreýa Fondunyň ýolbaşyçylary, Koreýa Respublikasynda ýerleşýän Ilçihanalaryň ýolbaşyçylary we okuw maksatnamasynyň agzalary gatnaşdylar. 2019-njy ýylda geçirilýän maksatnamada Türkmenistan tarapyndan gatnaşýan wekili bilen bilelikde jemi 42 döwletiň agzalary muňa gatnaşýarlar. Resmi açylyş dabarasynda çykyş edenler bu...
TÜRKMENISTANYŇ SUW, ULAG WE ENERGETIKA DIPLOMATIÝASY UGAMLARYNDA GAZANANLARYNA BAGYŞLANAN BRIFING
2019-njy ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň Türkmenistanda akkreditirlenen KHBS-niň wekilleriniň hem-de Ilçihanalaryň we halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň durnukly ulag, energetika we suw diplomatiýasy ulgamlarynda gazananlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, BMG-niň Türkmenistanyň...
TÜRKMENISTANDA GRUZIÝANYŇ TÄZE ILÇISI AKKREDITIRLENDI
2019-njy ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Gruziýanyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mamuku Murjiknelini kabul etdi. Duşuşygyň başynda Gruziýanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy we wagt tapyp kabul edilenligi üçin çuňňur minnetdarlygyny bildirip, tutuş türkmen halkyna abdançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi. Soňra taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda bar bolan üstünlikli dostluk gatnaşyklaryny berkitmekde ýetilen sep...
AŞGABATDA STAMBUL PROSESINIŇ YNAMY BERKITMEK ÇÄRELERI BOÝUNÇA TEHNIKI TOPARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýardam bermeginde Owganystana ýardam bermek boýunça Stambul prosesiniň “Sebit infrastrukturalary” Ynamy berkitmek çäreleriniň çäginde oňa gatnaşyjy-ýurtlaryň tehniki toparlarynyň duşuşygy geçirildi. Çärä Stambul prosesiniň gatnaşyjy-ýurtlarynyň, şeýle hem sebitleýin hem-de halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda Çärä Stambul prosesiniň gatnaşyjy-ýurtlarynyň wekil...
«HAZAR DEŇZI - DURNUKLY ÖSÜŞ WE DOLANDYRYŞ» ATLY ÝEDINJI OKUW MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 4-nji martynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly ýedinji okuw maslahaty öz işine başlady. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça geçirilýän bu çäräniň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşy hasaplanylýan Halkara ummanlar instituty çykyş edýärler...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «HAZAR DEŇZI – GARA DEŇIZ» HALKARA ULAG UGRUNYŇ DÖREDILMEGINIŇ TASLAMASY BOÝUNÇA DÖRTTARAPLAÝYN DUŞUŞYGA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän türkmen wekiliýeti Buharest şäherinde geçirilen «Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara ulag ugrunyň döredilmeginiň taslamasy boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň daşary işler ministrleriniň dörttaraplaýyn duşuşyga gatnaşdy. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýörite duşuşygynyň gün tertibine «Gündogar-Günbatar» ykdysady hyzmatdaşlygynyň geografiki ugrunyň möhüm böle...