Seul şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň syýahatçylyk mümkinçiligi boýunça geçirilen maslahat barada

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde "Merkezi Aziýa-Koreýa" hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň edara binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini tanatmaga we ösdürmäge bagyşlanan maslahat geçirildi. Bu çärä Koreýa Respublikasyndaky Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri, "Merkezi Aziýa-Koreýa" hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň ýerine ýetiriji direktory we onuň işgärleri, syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleri, professorlar we ýokary okuw jaýlarynyň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de medeni birleşikleriň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Durdyýew çykyş edip, Türkmenistanyň baý syýahatçylyk mümkinçiliklerini barada gatnaşyjylara gürrüň berdi. Ol, "Gadymy Merw", "Köneürgenç" we "Nusaýyň galasy" ýaly ÝUNESKO-nyň dünýä mirasynyň sanawyna girýän taryhy ýadygärlikleri, şeýle-de Hazar deňziniň kenaryndaky "Awaza" syýahatçylyk zolagyny, "Arkadag" akylly şäherini we Aşgabat bilen Seulyň arasynda açylmagy meýilleşdirilýän göni ýolagçy uçuşlaryň ähmiýetini aýratyn nygtady.

Şeýle hem, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp ýurdumyzda geçiriljek ýokary derejedäki çärelere, şol sanda syýahatçylyk pudagyna degişli sergilere we maslahatlara ýygnananlaryň aýratyn ünsi çekildi.

Ilçi B.Durdyýew çykyşynyň barşynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýazan “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitaby we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazan “Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby bilen diňleýjileri tanyş etdi hem-de bu kitaplary Sekretariatynyň ýerine ýetiriji direktoryna sowgat edip, olaryň geljekde kitaplaryň Sekretariatyň kitaphanasynda Türkmenistanyň taryhy we medeniýeti barada geçiriljek barlag işlerinde peýdaly çeşme boljakdygyna ynam bildirdi.

Bellenip geçilenlere goşmaça çäräniň dowamynda, sergi hökmünde Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň we Gahryman Arkadagymyzyň eserleri we ýurdumyzyň medeni gymmatlyklaryna degişli beýleki esbaplar hem görkezildi. Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylara türkmen milli süýjülikleri hödür edildi.