Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi çäräniň çäklerinde bu ýurduň Daşary işler ministri bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýew Koreýa Respublikasynyň Milli diplomatik akademiýasynda (KNDA) bu ýurduň Daşary işler ministri Ço Hýunuň we akademiýanyň rektorynyň hem-de Seulda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen “Ilçiler bilen dialog KNDA 2025” atly çärä gatnaşdy.
Çäräniň esasy maksady Koreýa Respublikasynyň täze Hökümetiniň alyp barýan daşary syýasy ugry we öňde goýlan maksatlar barada daşary ýurt diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylaryna habar bermekden ybarat boldy.
Daşary işler ministri Ço Hýun öz çykyşynda Prezident Li Je Mýonuň işe girişen gününden başlap, işjeň pragmatik daşary syýasaty alyp barýandygyny nygtap, häzirki wagta çenli onuň 18 sany ýokary derejeli gepleşikleri geçirendigi barada mälim etdi. Mundan başga-da, şu ýyl Koreýa Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň 3 sany edarasynda, ýagny, Howpsuzlyk Geňeşinde, Ykdysady we Durmuş Geňeşinde (ECOSOC) hem-de Adam hukuklary boýunça komitetinde başlyklyk edýändigi barada habar berdi.
Şeýle hem Daşary işler ministri Koreýa Respublikasynyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde Koreý ýarym adasynda durnuklylygy we parahatçylygy ýola goýmak, Durnukly ösüş maksatlary we howanyň üýtgemegi bilen bagly halkara başlangyçlary amal etmek, medeni diplomatiýany ösdürmek ýaly işleri aýratyn belläp geçdi. Galyberse-de ol 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda ýurduň Gýoňju şäherinde geçiriljek Aziýa-Ýuwaş ummany ykdysady hyzmatdaşlyk (APEC) sammitine görülýän taýýarlyk işleri barada tanyş edip, gatnaşyjylara bu çäräniň üstünlikli geçirilmegi üçin öz tarapyndan ýardamlaryň berilmegini haýyş etdi.
Ýygnagyň dowamynda Ilçi B.Durdyýew bilen Daşary işler ministri Ço Hýunuň arasynda gysga wagtlyk söhbetdeşlik geçirmek mümkinçiligi boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar şu ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda geçirilen telefon arkaly gepleşigiň jemleri boýunça özara pikir alyşdylar. Şeýle hem Ilçi B.Durdyýew iki döwletiň Baştutanlarynyň arasynda telefon gepleşigiň guralmagynda berlen ýardamlar üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýokarlandyrylmagynyň hatyrasyna koreý tarapy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy barada mälim etdi.