Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda Maglumata elýeterlilik merkezi açylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurtdymyzda maglumata elýeterlilik merkezini döretmek teklibi tassyklandy. Merkeziň açylmagy Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň Ylym we maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary ministrliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijesi bolar.
Hormatly Prezidentimiz belleýşi ýaly, koreýaly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikdäki täze taslamanyň Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda uzak möhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant boljakdygyny belledi.
Maglumata elýeterlilik merkezi ýokary tizlikli internet ulgamyny gurnamak üçin döwrebap aragatnaşyk enjamlary, kompýuter serişdeleri, zerur serwerler, tor we programma önümleri bilen enjamlaşdyrylar. Bu merkez ýurdumyzyň sanly bilim ulgamynyň tehnologiýa we innowasiýa esasynda ösdürilmegine, sanly bilim hyzmatlarynyň kämilleşdirilmegine, bilim bermegiň ähli basgançaklarynda häzirki zaman elektron okuw-usulyýet binýadynyň döredilmegine, raýatlaryň elektron bilim gorlaryna elýeterliligini üpjün etmek arkaly olaryň web-dizaýn, programmirleme boýunça sowatlylygyny artdyrmaga ýardam berer.