Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat - Tejen böleginiň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşan «Hyundai» korporasiýasynyň wise-prezidentiniň metbugat gullugyna beren gürrüňi.

Ilki bilen, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegini ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşmaga çakylyk üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirýärin. «Hyundai» korporasiýasy Türkmenistanyň Hökümeti hem-de ýurduň ulag ugurly döwlet edaralary bilen 2008-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýär. Geçen döwrüň dowamynda türkmen tarapy kompaniýamyzyň önümi bolan jemgyýetçilik ulaglarynyň dürli görnüşleriniň ýüzlerçesini satyn aldy. Olaryň hatarynda häzirki zaman ýeňil awtoulaglary, şäheriçi we şäherara awtobuslar bar. «Hyundai» kysymly ulaglaryň Türkmenistanda ulag gatnawlarynyň ugurlaryny hem-de ýolagçylary gatnatmagyň ýygylygyny artdyrmaga goşant goşýandygy bizi örän buýsandyrýar.
Biz Türkmenistany ulag ulgamynda hyzmatdaşlykda ygtybarly ýurt hasaplaýarys. Gadymyýetde Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen bu döwlet häzirki wagtda-da tutuş Merkezi Aziýa sebitinde ulag ulgamyny ösdürmekde we döwrebaplaşdyrmakda möhüm orun eýeleýär. «Hyundai» korporasiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Hökümeti bilen täze ugur — ekologik taýdan arassa ulag ulgamyny ösdürmek boýunça gepleşikleri geçirýärler. Ol, esasan, Koreýa Respublikasynda uly meşhurlykdan peýdalanýan elektrik awtobuslary satyn almak hem-de elektrik beketleri gurmak bilen baglanyşyklydyr.
Türkmen Lideriniň hut özüniň gatnaşmagynda Aşgabat - Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 1-nji böleginiň işe girizilmegi mynasybetli guralan dabara şaýat bolmak bilen, Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň barha ýokarlanýandygyna ýene bir gezek göz ýetirdik. Bilelikdäki hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ýygjamlaşdyryljakdygyna uly ynam bildirip, türkmen döwletine we halkyna gülläp ösüş arzuw edýärin.