Seulda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellendi

2021-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Ilçihana tarapyndan Seul şäherinde ýerleşýän “Lotte” myhmanhanasynda resmi kabul edişlik dabarasy geçirildi.
Kabul edişlige goňşy döwletleriň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza-döwletleriň Ilçileri hem-de halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Resmi kabul edişlige Koreýa Respublikasyndan hormatly myhman hökmünde Global ýaşyl ösüş inistitutynyň ýolbaşçysy Pan Gi Mun
hem-de Koreýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Kim Hyoeun gatnaşdy.
Kabul edişligiň resmi böleginde çykyş edenler ýurdumyzyň uly depgin bilen ösmegini, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda dostlukly, giň ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny hem-de mundan beýläk hem ösmegiň ägirt mümkinçiliklerini bellediler.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Koreýa Respublikasynyň Global ýaşyl ösüş inistitutynyň ýolbaşçysy Pan Gi Muna “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna” atly ýubileý medaly gowşuryldy. Pan Gi Mun öz gezeginde Türkmenistanyň Hormatly Prezidentine çuňňur minnetdarlygyny beýan etdi. Ol Türkmenistanyň halkara guramalar, esasan-da Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi.