Türkmen sungaty dünýä ýaň salýar

Koreýa Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde maddy däl medeni miras üçin Halkara maglumat we aragatnaşyk merkeziniň «ICH Courier» žurnalynyň nobatdaky sanynda «Türkmeniň keşdesi ylham çeşmesi» atly makala çap edildi.

Makalada Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk, şol sanda türkmen halkynyň baý medeni mirasy, däp-dessurlary, lybaslary, şaý-sepleri, nagyşlary hususan-da, gelin-gyzlaryň el işi – türkmeniň keşdesi barada giňişleýin gürrüň berýär.

Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen gelin-gyzlarynyň keşde çekmek sungaty hem gadymy el hünärleriniň biridir. Keşdeler milli egin-eşiklerimiziň düzüm bölegidir. Eli çeper, dili şeker ene-mamalarymyz milli lybaslarymyzy bezemek üçin dürli nagyşlary döredipdirler.